«Çalt» energiýa bermek elektrik ulagynyň batareýasyna nähili täsir edýär?
13 Maý
«Çalt» energiýa bermek elektrik ulagynyň batareýasyna nähili täsir edýär?

«Recurring Auto» amerikan kompaniýasy soňky bäş ýylda öndürilen 12,5 müňden gowrak «Tesla» elektrik ulagynyň batareýasynyň ýagdaýyny seljermegiň gyzykly netijelerini paýlaşdy. Şeýlelikde, «çalt» energiýa beriş terminallaryna ýygy-ýygydan barmagyň ýyllaryň dowamynda ulagyň energiýa saklamak ukybyny gowşadýandygy baradaky pikirler nädogry hasaplanyldy. Seljermäniň netijesi yzygiderli energiýa bermegiň ulagyň akkumulýatoryna zyýanly täsir etmeýändigini görkezdi.

Seljerme işleriniň netijeleri elektrik ulagyny öndürijileriň üstünde işleýän batareýasynyň temperaturasynyň we batareýa naprýaženiýe dolandyryş ulgamlarynyň «çalt» energiýa berlen wagty ony zaýalanmakdan goraýandygyny tassyklaýar. Şeýle-de bolsa, aşa ýokary we pes temperatura ýaly daşky faktorlar batareýa energiýasynyň uzaga çekmegine negatiw täsir edip biler.

Öndürijiler elektrik ulagynda batareýanyň ömrüniň mümkin boldugyça uzak dowam etmegini üpjün etmek üçin şol bir temperaturany we naprýaženiýe dolandyryş ulgamlaryny işjeňleşdirýän içerki energiýa beriş wezipelerini ulanmagy maslahat berýärler. Olar energiýa berilmezinden ozal, çekiş batareýasynyň esasy böleklerini optimal ýagdaýa getirýärler. Ýene bir bir maslahat: Yzygiderli energiýa berlen wagty onuň derejesiniň gaty pes ýa-da has ýokary bolmagyndan gaça durmak. Çünki bu batareýa üçin artykmaç ýüki emele getirýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi


Şeýle hem