Aprel aýynda Russiýada 11125 täze awtoulag satyldy. Munuň özi şu ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende 2,8%, 2023-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende bolsa 6% az.
Apreliň jemi boýunça «KAMAZ» täze agyr ýük awtoulaglarynyň bazarynyň 19 %-ini eýeläp (2111 awtoulag satyldy), markalaryň reýtinginde öňdebaryjy boldy. Ikinji ýerde «Sitrak» (1391) barýar. Şeýle hem ilkinji bäşlige «Shacman» (1333), «FAW» (1184) we «Dongfeng» (782) girdi. «Sitrak C7H» heniz hem model reýtinginde öňdäki orny elden bermeýär. Onuň satylan ýük awtoulaglarynyň umumy möçberindäki paýy — 12,5%.
Ýylyň ilkinji 4 aýynda Russiýada 40307 agyr awtoulag ýerlenildi. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4% köpdür.