«Ehang» tarapyndan hödürlenen aerotaksi BAE-de ýolagçylar bilen amala aşyran ilkinji synag uçuşyny üstünlikli tamamlady
14 Maý
«Ehang» tarapyndan hödürlenen aerotaksi BAE-de ýolagçylar bilen amala aşyran ilkinji synag uçuşyny üstünlikli tamamlady

Awiagurluşyk işleri bilen meşgullanýan kompaniýanyň wekilleri nobatdaky ýeten üstünlikleri barada hasabat berdiler. 3 howa taksisiniň ilkinji uçarmansyz uçuşynyň görkezilişinden 10 gün soň, onda ýolagçylar daşalyp görüldi. «Ehang» howa taksisi BAE-däki uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Ýolagçylar çalt howa gatnawyndan kanagatlandylar we uçaryň synag wagtynda hiç kimde saglyk bilen bagly mesele döremedi.

Synag uçuşyndan soň, «Ehang» ilkinji ýolagçy uçuşlaryny amala aşyryp başlamak üçin rugsat soramak hukugyna eýe boldy. Geljekde Birleşen Arap Emirliklerinde uçarmansyz uçarlarda täjirçilik uçuşlary ýola goýlar.

«Ehang» kompaniýasynyň wekili Huaži Hu aerotaksiniň ýolagçylar bilen amala aşyran uçuşynyň Abu-Däbiniň ösüşindäki möhüm waka öwrülendigini we mobil uçuş pudagyndaky global derejesini görkezendigini tassyklady. Ýeri gelende bellesek, uçar adatdan daşary ýagdaýlarda ýangynlary öçürmek mümkinçiligine hem eýelik edýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem