Tehnologiki aýratynlyklary we tygşytlylygy bilen tapawutlanýan «Toyota Camry 2025» ABŞ-da ozalky nusgalardan hem arzan satylar
15 Maý
Tehnologiki aýratynlyklary we tygşytlylygy bilen tapawutlanýan «Toyota Camry 2025» ABŞ-da ozalky nusgalardan hem arzan satylar

Tehniki täzelikleriň birnäçesini özünde jemleýän «Toyota Camry» ulagynyň täze nesliniň geçen ýylky modelden has gymmat boljakdygy çaklanypdy. Emma bu düýbünden başgaça boldy.

2025-nji ýyldaky «Camry» ulagyna girizilen esasy üýtgeşiklik gibrid hereketlendirijiniň häzirki modellerde ählisinde standart bolmagydyr. Täze «Camry LE» nusgasyny ABŞ-da her aý 359 dollar töleg etmek bilen, 36 aýlyk kärendesine alyp bolýar. Alyjylar Günorta Kaliforniýada ýaşaýan bolsalar, gol çekilende 2999 dollar tölemeli bolarlar. Geçen ýyl «Camry Hybrid SE» 2999 dollarlyk tölegden soňky 36 aýyň dowamynda her aý 469 dollarlyk hasaplaşygyň esasynda kärendesine ýerlenipdi.

Awtoulagyň bahasyny dolulygyna geçirmek isleýänleri haýran galdyrjak maglumat käbir modelleriň has arzanlygynda jemlenýär. Mysal üçin, ulagyň LE nusgasynyň bahasy geçen ýylky 28855 dollarlyk görkezijiden 28400 dollara düşdi. Orta derejeli XLE bolsa 33745 amerikan dollaryndan 33400 dollara çenli arzanlady.

«2024 Toyota Camry» gibrid, dört silindrli we V6 görnüşlerinde bar bolsa, 2025-nji ýylyň modeli diňe gibrid güýç gurluşy bilen satylýar. Bu ulgam 2,5 litrlik dört silindrli dwigatelden, öň tigirleri hereket edýän nusgadaky iki elektrik hereketlendirijisinden we ähli tigireri çekiji görnüşdäki elektrik hereketlendirijisinden ybarat. Kuwwaty degişlilikde 225 we 232 at güýji. «Camry» ulagynyň ähli täze modellerinde bu hereketlendiriji eCVT geçirijisi we litiý-ion akkumulýator toplumy bilen utgaşdyrylýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi


Şeýle hem