Tähran we Nýu-Deli Çabahar portuny dolandyrmak boýunça 10 ýyllyk ylalaşyk gazandy
16 Maý
Tähran we Nýu-Deli Çabahar portuny dolandyrmak boýunça 10 ýyllyk ylalaşyk gazandy

«The Economic Times» neşiri Hindistanyň Çabahar portuny 10 ýyllyk dolandyrmak boýunça Eýran bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Şeýlelikde, Hindistan ilkinji gezek daşary ýurt portunyň dolandyryşyny öz üstüne alar. 10 ýyllyk şertnama awtomatiki usulda täzelener.

Bu port Hindistan üçin Owganystan, Merkezi Aziýa we has uly seýit bolan Ýewraziýa bilen aragatnaşygyň möhüm halkasy bolup, onuň Pakistanyň Gwadar porty, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy bilen bäsleşip bilmegine mümkinçilik döreder.

Hindistan GDA-nyň bazaryna girmek üçin Eýranyň Çabahar portuny «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çägindäki üstaşyr merkeze öwürmek isleýär. Geçelgäniň esasy artykmaçlygy harytlary barmaly nokadyna eltmek üçin gerek bolan wagty iki-üç esse azaltmakda jemlenýär.

Deslapky şertnama 2016-njy ýylda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň Eýrana eden sapary wagtynda gol çekildi. Şondan soň Nýu-Deli port infrastrukturasynyň gurluşygyna 500 million dollarlyk maýa goýmak isleýändigini mälim etdi. 2016-njy ýylyň maýynda bolsa Hindistan portda Şahid Beheşti terminalyny gurmak üçin Eýran we Owganystan bilen üç taraplaýyn şertnama baglaşdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem