«Russiýanyň demir ýollary» öz sebitinde işleýän kärhanalar tarapyndan BAM (Baýkal-Amur demirýol magistaly) infrastrukturasyny ulanmakda oňyn dinamikany görýär. Bu barada Gündogar — Sibir demir ýolunyň (GSDÝ — «Russiýa demir ýollarynyň» bir şahamçasy) ýolbaşçysy Wadim Wladimirow «Interfaks» agentligine beren beýabatynda aýtdy.
«Biz 2024-nji ýylda ýük daşamak boýunça oňyn dinamikany görýäris. Şeýlelik bilen, birinji çärýekde BAM bölüminde ýerleşýän kärhanalaryň umumy ýüküniň derejesi 7,8% ýokarlandy. Baýkal sebitindäki Udokanskiý magdan-metallurgiýa zawodynyň görkezijisi bolsa 9,9 esse ýokary boldy. Kagyz daşamagyň derejesi 10,5% artdy» — diýip, W.Wladimirow belledi.
Onuň sözleri birinji tapgyrda «Udokan mis» zawody (Udokan ýatagynyň operatory, USM Holdingine girýär) bilen ýylda 627 müň tonna çig malyň daşalmagynyň ylalaşylandygyny tassyklaýar. Ikinji tapgyr ýylda 1,235 million tonnalyk çig maly daşamak üçin niýetlenendir. «Şu ýylyň fewralynda «Russiýanyň demir ýollary» degişli şertnama esasynda yglan edilen önümleriň eksporty üçin doly mümkinçilik döretdi» — diýip, ýolbaşçy nygtady.