«Toyota Highlander» has kämil we amatly bolar: 1-nji iýunda onuň täzelenen nusgasy — «Crown Kluger 2024» krossoweri hödürlener
17 Maý
«Toyota Highlander» has kämil we amatly bolar: 1-nji iýunda onuň täzelenen nusgasy — «Crown Kluger 2024» krossoweri hödürlener

1-nji iýunda başlanjak Şençžen-Gonkong-Makao awtoulag sergisinde täzelenen «Toyota Crown Kluger 2024» hödürlener. Esasan, «Highlander» ady bilen tanalýan krossower «Toyota Highlander 2024» we «Avalon 2024» ulaglarynyň äheňinde bolar. Ulag has uly ekranlary we kämilleşdirilen enjamlary aldy.

«Crown Kluger 2024» ulagynyň binýatlyk nusgasyndaky media ulgamynyň ekran diagonaly 8-den 10,25 dýuýma çenli ýokarlanar we yzky görnüşi şöhlelendirýän aýnalaryny awtomatiki usulda ýatyrmak wezipesi peýda bolar. Sanly gurallar paneli 7-den 12,3 dýuýma çenli ulaldylar. Has gymmat görnüşlerde nappa-deri oturgyçlary we 12,3 dýuýmlyk ekranlaryň ikisi ornaşdyrylar. Iň gowy nusgalarda ruly sazlaýjy elektrik ulgamy we sürüjiniň oturgyjynyň ýagdaýyny özünde utgaşdyrýan ýady bolar. 2024-nji ýylyň ähli awtoulaglary 20 dýuýmlyk tigir diskalary bilen enjamlaşdyrylar we «Toyota Safety Sense (TSS)» sürüjilerine kömek ulgamlarynyň toplumy täzelener: TSS 2.5 ulgamynyň ýerine TSS 3.0 giriziler.

Güýç gurluşlary öňküligine galar. Esasy nusgalar häzir hem öňki tigirleri hereket edýän we ähli tekerleri işleýän görnüşlerde elýeterli bolar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem