Tatarystanda 8 million tonna ýyllyk kuwwatly däne ýüklerini ýokary tizlikli daşamak üçin merkez dörediler. Bu barada Tatarstan Respublikasynyň hökümeti bilen degişli şertnama baglaşan açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň habaryna salgylanýan «Logirus» habar berdi. Bu desga Deng Sýaopin adyndaky halkara logistika toplumynyň golaýynda ýerleşer. Onuň kuwwaty ýylda 100 müňe çenli konteýneri daşamaga mümkinçilik döreder.
Galla merkezinden eksport ugry boýunça ýöriteleşdirilen däne konteýnerleri iberiler we Tatarstan Respublikasynyň önümçilik kärhanalary üçin çig mallar, sarp ediş harytlary, awtoulag bölekleri we beýleki komponentler şol ýörite konteýnerlerde yzyna getiriler. Munuň özi demir ýol ulaglarynyň boş hereket edýän aralygyny azaldyp, logistika çykdajylaryny tygşytlamaga ýardam eder.
Täze merkez Tatarystanda we Wolga federal etrabynyň sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilen gallany ýerlemek işini utgaşdyrar. Bu ýerden ony Hytaýa, Özbegistana, Türkmenistana, Eýrana we beýleki ýurtlara eksport etmek meýilleşdirilýär. Ýörite konteýnerlerde ýylda 200 müň TEU möçberdäki ýük sebit ulag we logistika merkezlerine eltiler, bu däne merkezi tehnologik utgaşmanyň esasynda hem-de özara hyzmatdaşlykda hereket eder.