Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazana bardy
17 Maý
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazana bardy

15-nji maýda agşam türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Tatarystan Respublikasyna bardy.

Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyza myhmansöýerligiň asylly däbine görä, duz-çörek, çak-çak tatar milli tagamy hödürlenildi hem-de gül dessesi gowşuryldy.

Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, hormatly myhman «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady forumyna we jebisleşdiriji halkara jemgyýetçilik meýdançasy bolup çykyş edýän «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem