«Дело» kompaniýalar topary we Hytaýyň «Xiamen C&D Group» korporasiýasy deňiz ugurlaryny ösdürmek boýunça ylalaşdylar
20 Maý
«Дело» kompaniýalar topary we Hytaýyň «Xiamen C&D Group» korporasiýasy deňiz ugurlaryny ösdürmek boýunça ylalaşdylar

«Дело» kompaniýalar topary we Hytaýyň «Xiamen C&D Group» korporasiýasy daşary söwdany üpjün etmek, deňiz ulag ýollaryny ösdürmek we Russiýanyň hem-de Hytaýyň çäginde terminal we ammar infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak üçin bilelikdäki logistika zynjyrlaryny döretmek boýunça ylalaşdylar. Bu barada «Дело» kompaniýalar topary habar berdi.

Resmi maglumatlara görä, Hytaý kompaniýasy Russiýany maýa goýumlary we işewürligi ösdürmek üçin ileri tutulýan ugur hasaplaýar hem-de Russiýa Federasiýasyndaky ygtybarly logistika hyzmatdaşy bilen gyzyklanýar. «Дело» kompaniýalar topary öz gezeginde demir ýol, deňiz, gury ýer ulagy, port infrastrukturasy hem-de gümrük taýdan resmileşdirmek ýaly bilelikdäki taslamalar üçin logistika hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürlemäge taýýardyr.

Işlenip taýýarlanýan meseleleriň arasynda durnukly özara hasaplaşyklary üpjün etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek hem bellendi.

«Işimiziň strategiki maksady Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwdanyň çäginde hyzmatlaryň doly toplumyny üpjün etjek boýunça bilelikdäki kärhanany döretmekdir» — diýip, «Дело» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Sergeý Şişkarew belleýär. Onuň sözleri kompaniýalar toparynyň habarynda getirilýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem