Russiýanyň we Hytaýyň iri kompaniýalary umumy logistikany dörederler
20 Maý
Russiýanyň we Hytaýyň iri kompaniýalary umumy logistikany dörederler

«Дело» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Sergeý Şişkarewiň we «Xiamen C&D Inc» kompaniýasynyň baş direktory Lin Maonyň daşary söwdany üpjün etmek, deňiz ulag ýollaryny ösdürmek we iki ýurtda terminal hem ammar infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak üçin bilelikdäki logistika zynjyrlaryny gurmak boýunça ylalaşandyklaryny rus kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

«Biziň hyzmatdaşlygymyz diňe bir ýurtlaryň arasynda infrastrukturanyň ösmegini göz öňünde tutman, eýsem, ilatyň durmuşyny gowulandyrmak üçin esas döredýär. Işimiziň strategiki maksady bolsa Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwdanyň çäginde ähli hyzmatlary hödürleýän bilelikdäki kärhanany döretmekdir» — diýip, belleýän Şişkarewiň sözlerini kompaniýanyň metbugat gullugy okyjylara hödürleýär. Hytaý korporasiýasy bolsa ýurtlaryň we kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygyň uly geljegini görýändigini tassyklady.

— Ýakyn wagtda hyzmatdaşlygymyzy amaly derejä çykarmak üçin anyk ädimleri hödürlejek esasy ugurlarda iş toparlarynyň döredilmegine garaşýarys — diýip, Mao belledi.

Hytaýyň wekiliýeti Russiýa guralan saparyň çäginde Sankt-Peterburgdaky we Leningrad oblastyndaky deňiz terminallaryna, şeýle hem Şuşary obasyndaky tyl terminalyna baryp gördi. Hytaý wekiliýetiniň agzalary Leningrad sebitindäki Ust-Luga terminalyny ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň üstünde işlemäge gyzyklanma bildirdiler. Mundan başga-da, «C&D» korporasiýasynyň wekilleri sanlylaşdyrma pudagyndaky ädimlere işjeň maýa goýýandyklaryny we bu tejribäni paýlaşmaga taýýardyklaryny aýtdylar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem