Ýanwar — aprel aýlarynda «Russiýanyň demir ýollarynyň» ulgamynda ýük daşamagyň derejesi 9% ýokarlandy
20 Maý
Ýanwar — aprel aýlarynda «Russiýanyň demir ýollarynyň» ulgamynda ýük daşamagyň derejesi 9% ýokarlandy

2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynyň netijelerine görä, «Russiýanyň demir ýollary» ulgamynyň ähli gatnaw görnüşlerinde konteýner daşamagyň mukdary 2,57 million TEU boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,4% köpdür. Bu barada «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti habar berýär.

Aprel aýynda ýük daşamagyň derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4% artyp, 637,2 müň TEU boldy. Elbetde, munuň mart aýynyň görkezijisi bilen deňeşdirilende azdygyna ünsi çekmek gerek. Muňa garamazdan, ýylyň ilkinji iki aýynyň derejesinden we ozalky ýyllaryň ortaça aýlyk möçberinden ýokarydyr.

Ýylyň başyndan bäri ýükli konteýnerleriň daşalmagy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7,6% ýokarlandy we 1,86 million TEU ýetdi. Jemi 26,8 million tonna ýük daşaldy (+ 8,9%).

Ýanwar — aprel aýlarynda iň uly himiki serişdeleriň we sodanyň daşalmagy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,7% azaldy we 278 müň TEU barabar boldy. Mundan başga-da, kartoşka, gök önümler, miweler (-21%), gara metallar (-19%), maşynlar, dwigateller, önümçilik maşyn gurallary (-12%) we kagyz (-7.5%) daşaldy.

Şol bir wagtyň özünde bolsa üweýji önümleri (takmynan 4 gezek), himiki we mineral dökünleri (takmynan 2 esse) hem-de gurluşyk harytlaryny (1,4 esse) daşamak ep-esli ýokarlandy.

Ýük ýygyndylarynyň (+ 21%), ulaglaryň we olaryň bölekleriniňň (+ 12%), gara magdan we kükürt çig malynyň (+ 10%) daşalmagy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10 %-den gowrak artdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem