Aziýa — Ýewropa söwdasynda ýük daşamak kuwwaty ýeterlik däl
20 Maý
Aziýa — Ýewropa söwdasynda ýük daşamak kuwwaty ýeterlik däl

«Alphaliner» tarapyndan hödürlenen hasabata salgylanýan «Loadstar» soňky ýyllarda täze tonnažlaryň getirilmeginiň rekord görkezijisine garamazdan, Aziýa — Ýewropa söwdasynda ýük daşamak kuwwatynyň takmynan 10% ýetmezçilik edýändigini aýtdy.

Gyzyl deňiz sebitindäki ýagdaý we gämileriň Ýagşy Umyt kölüniň üsti bilen hereket etmegi sebäpli, Aziýadan Ýewropa hepdelik gatnawlaryny goldamak üçin zerur konteýner gämileriniň sany artdy.

Bir ýyl ozal bu ýol meýdançasyndaky 27 hyzmat üçin 321 konteýner gämisi ulanylan bolsa, indi 25 hyzmatda işlemek boýunça 376 konteýner gämisi gerek. Aslynda, bu üç bileleşigiň şu ugur boýunça hereket edýän 340 konteýner gämisi bar, şonuň üçin hem, Demirgazyk Ýewropa — Ortaýer deňzi ugurlarynda şeýle gämileriň 36-sy ýetmezçilik edýär.

«Bu ugurda konteýner gämisiniň ortaça kuwwaty 14,1 müň TEU bolup durýar. Şonuň üçin hem, ýene 509,4 müň TEU zerur. Munuň özi şu ugurda hepdelik gatnawlary üpjün etmek üçin zerur bolan ähli ýük göterijilik kuwwatynyň 9,6 %-ini düzýär» — diýip, «Alphaliner» tarapyndan berlen habarda aýdylýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi


Şeýle hem