Türkmenistanda täze demiýol menzilleri gurlar
04 Ýanwar
Türkmenistanda täze demiýol menzilleri gurlar

Türkmenistanyň sebitleriniň ilatly ýerleriniň birnäçesinde, şol sanda Baýramalyda, Duşakda, Bamyda, Jebelde, Balkanabatda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynyň çäklerinde täze demir ýol menzilleri gurlar. Bu boýunça degişli bildiriş türkmen metbugatynda çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar özleriniň arzalaryny we tekliplerini 5-nji fewrala çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirligine tabşyrmalydyr.

Gurluşyklary amala aşyrmak üçin bildiriş Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk ministrligi tarapyndan yglan edildi.

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti

Şeýle hem