«Audi» we «SAIC» 2025-nji ýylda Hytaý bazary üçin bilelikde taýýarlanan elektrik awtoulagyny çykarar
22 Maý
«Audi» we «SAIC» 2025-nji ýylda Hytaý bazary üçin bilelikde taýýarlanan elektrik awtoulagyny çykarar

«Volkswagen» kompaniýasynyň Hytaýyň elektrik awtoulaglaryny öndüriji taraplary bilen hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn ösdürilýär. Geçen ýyl «SAIC» we «Audi» diňe özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çeken bolsalar, «CnEVPost» tarapyndan hödürlenen habarda şu aý taraplaryň 2025-nji ýylda Hytaýyň bazary üçin niýetlenen elektrik ulagyny döretmegiň çäginde hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnamany baglaşandyklary habar berilýär. Elbetde, bu bilelikdäki ösüşiň ýeke-täk modeli bolup galmaz, beýleki tehnologiýalar soň peýda bolar.

Geçen ýylyň iýulynda «Volkswagen» Hytaýyň «XPeng» elektrik awtoulag öndürijisi bilen Hytaýyň bazary üçin orta ölçegli elektrik ulaglaryny işläp taýýarlamak boýunça takmynan 700 million amerikan dollaryna barabar maýa goýmak barada şertnama baglaşypdy. «Volkswagen» we «SAIC» tarapyndan bilelikde işlenip taýýarlanan ilkinji iki model 2026-njy ýylda ýerli bazara çykar. Şol bir wagtyň özünde bolsa nemes konserni Hytaýdaky «MEB» platformasynda öz modellerini tanatmakdan ýüz öwürmez.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem