«KamAZ» we «MAZ» kuwwatyny birleşdirýär: Russiýanyň we Belarusyň zawodlary umumy komponentleri döredýärler
23 Maý
«KamAZ» we «MAZ» kuwwatyny birleşdirýär: Russiýanyň we Belarusyň zawodlary umumy komponentleri döredýärler

Belarusyň hökümet agzalarynyň Tatarystana eden saparynyň barşynda iki zawodyň — «KamAZ» hem-de «MAZ» kompaniýalarynyň komponent binýadyny birleşdirmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy. Awtoulag zawodlary rus we belarus önümçiliginiň umumy komponentlerini ulanarlar. Mundan başga-da, eýýäm bitewi geçiriş bölümlerini döretmek boýunça işler utgaşdyrylýar.

«KamAZ» bilen «MAZ» brendleriniň birleşmeginiň taryhy 2012-nji ýyldan — «Rosbelawto» diýen at bilen ýeke-täk holdingi döretmek hakyndaky meýillerden başlandy. Muňa garamazdan, şondan bäri bu taslama boýunça öňegidişlik bolmady. Indi bolsa gürrüň diňe ýekeje kompaniýa hakda däl-de, bütin komponentleri utgaşdyrmak ugrundaky tagallalar barada barýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem