Ýaponiýaly hünärmenler «Ferrari 512» üçin ägirt toplumy hödürlediler
23 Maý
Ýaponiýaly hünärmenler «Ferrari 512» üçin ägirt toplumy hödürlediler

Ýaponiýanyň «Liberty Walk» dizaýn studiýasy meşhur «Ferrari 512 Testarossa» super ulagynyň üstünde işlediler.

Has takygy, olar «Testarossany» tanalmaz derejede üýtgedýän toplumy döretdiler.

Indi ulagyň aýry-aýry toplumlarynyň bahasy 2,2-den 6,4 müň dollara çenli üýtgeýär. Mundan başga-da, ony açyk gara plastik reňkde hem sagyt edip bolýar.

«Testarossa/512»-niň önümçiligi, takmynan, 30 ýyl ozal tamamlanandygyna garamazdan, bu awtoulaglar kolleksiýaçylaryň arasynda henizem meşhur. Modeliň umumy dolanyşygy, takmynan, 10 müň nusgadyr. Bu bolsa ony iň meşhur «Ferrariniň» birine öwürýär.

Toplumyň baha taýdan iň amatly bölegi «ördek guýrugy» diýlip atlandyrylýan arka bölegidir. Onuň bahasy 2200 dollara ýetýär. Bamperiň aşaky böleginiň bahasy bolsa 3300 dollar diýip, «Auto.ru» habar berýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem