Bütindünýä banky Orta geçelgedäki meseleleri çözmekde işjeňlik işleýär
24 Maý
Bütindünýä banky Orta geçelgedäki meseleleri çözmekde işjeňlik işleýär

Bütindünýä banky Orta geçelgede ýüze çykýan meseleleri ýüze çykarmak we çözmek boýunça uly işjeňlik görkezýär.

Çarşenbe güni «Trendiň» beren habarynda aýdylyşy ýaly, infrastruktura boýunça öňdebaryjy hünärmen we Bütindünýä bankynyň Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa boýunça maksatnamasynyň başlygy Winni Wang muny Waşingtonda Hazaryň syýasy merkezi tarapyndan guralan VIII Transhazar forumynda aýtdy. «Anyk bir meseläni çözmek üçin işlenip düzülen taslamalarda göze görnüp duran netijeleri görýäris. Şu maksat bilen, Bütindünýä bankynda geçelge üçin çözgütleri kesgitlemek boýunça sebitleýin we global gözegçilik gurallarynyň birnäçesini ulandyk. Biz päsgelçilikleri çözmek üçin ileri tutulýan maýa goýumlaryň takmynan 7 milliard dollar boljakdygyny çakladyk» — diýip, Wang belledi.

Onuň sözlerine görä, geçelgeler köp ölçegli bolup, ulag infrastrukturasynyň çäginden çykýar.

«Olar söwda syýasaty, söwda maliýeleşdiriş logistika hyzmatlary we nyrhlary emele getirmek zynjyryny ösdürmek üçin goldaw bermek, şeýle hem okuw we bilim bilen utgaşýar» — diýip, Winni Ýang düşündirýär.

Mundan başga-da, ol täze geçelgäniň ösdürilmeginiň logistika bilen syýasaty utgaşdyrmagy talap edýändigini tassyklaýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem