Türkmen wekiliýeti demirýol ulagy boýunça «CAREC» iş toparynyň Baku şäherindäki 8-nji mejlisine gatnaşýar
24 Maý
Türkmen wekiliýeti demirýol ulagy boýunça «CAREC» iş toparynyň Baku şäherindäki 8-nji mejlisine gatnaşýar

22 — 24-nji maý aralygynda türkmen wekiliýeti demirýol ulagy boýunça «CAREC» iş toparynyň Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilýän 8-nji mejlisine gatnaşýar. Onuň gün tertibindäki esasy meseleler tehniki ýardamlary amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler barada hasabat bermekden, indiki ädimleri ylalaşmakdan hem-de demirýol ulgamyny kommersializasiýalaşdyrmak, reformalar we maýa goýum ugurlary boýunça usulyýetleri hem tejribeleri alyşmakdan ybaratdyr.

Duşuşygyň birinji gününde «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasary, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Bekmyrat Işangulyýew «Merkezi Aziýanyň demir ýol geçelgeleri: goşulyşmak üçin ileri tutulýan ugurlar» sessiýasynda çykyş etdi.

Sessiýalaryň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzasy Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenen ulag diplomatiýasynyň wezipeleri, içerki ulag ulgamyny halkara aragatnaşyk infrastrukturasy bilen utgaşdyrmak we iri logistika merkezlerini döretmek ýaly meseleler barada gürrüň berdi.

Häzirki wagtda CASCA + «Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa» halkara multimodal ugry işjeň ösdürilýär. Bu multimodal ýoly işjeňleşdirmek maksady bilen, gatnaşyjy ýurtlar 2023-nji ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde jemlendiler.

Bellenilişi ýaly, bu ugur 20 günüň dowamynda Hytaýyň Kaşgar stansiýasyndan Stambula çenli konteýner ýüklerini daşamaga mümkinçilik berýär. Bu barada Türkmenistanyň demirýol ulgamynyň işini utgaşdyrýan edarasynyň ýolbaşçysy belledi.

Forumyň birinji gününde Hazaryň kenaryndaky portlar bilen demir ýollaryň arasyndaky aragatnaşyk boýunça sessiýa hem geçirildi. Çäräniň soňky gününde oňa gatnaşyjylar Alýat portuna baryp görerler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem