Mihail Mişustin GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi
25 Maý
Mihail Mişustin GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi

Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Aşgabada geldi. Bu ýerde ol GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar.

Munuň özi Russiýanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bu wezipä bellenmeginden soň daşary ýurda amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlary şu günki mejlisiň barşynda söwda, ykdysady hyzmatdaşlyk, şol sanda energiýa, senagat we beýleki ugurlardaky aragatnaşyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Nurlan Seýtimowyň habar berşi ýaly, mejlisde 12 meselä garamak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde bilelikdäki resminamalara hem gol çekiler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem