Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda demir ýol gatnawy 14% ýokarlandy
25 Maý
Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda demir ýol gatnawy 14% ýokarlandy

«Trend» tarapyndan berlen habarda ýanwar — aprel aýlarynyň netijelerine görä, Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky demir ýol ulaglarynda daşalan ýüküň möçberiniň 10,1 million tonna ýetendigi, munuň bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14% köpdügi tassyklandy.

Şunlukda, eksport 21% ýokarlandy we 4,5 million tonna ýetdi.

Altynköl — Horgos serhet geçelgesinden geçýän ýük gatnawlarynyň derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8% ýokarlandy we 4,2 million tonna ýetdi. Bu geçelgäniň üstünden amala aşyrylýan eksport 42% artyp, 1,5 million tonnalyk görkezijä eýe boldy.

Dostyk stansiýasynyň üsti bilen 5,9 million tonnalyk ýük daşalyp, munuň özi geçen ýyldakydan 18% köp. Bu stansiýanyň üsti bilen eksport 13% ýokarlandy we üç million tonna ýetdi.

Söwda we integrasiýa ministri Arman Şakkaliýew Gazagystanyň Hytaýa taýýar önümleriniň eksportyny 2,5 esse artdyrmak isleýändigini belledi.

Mundan başga-da, Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Hytaýyň Gazagystandan oba hojalyk önümlerini import etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi


Şeýle hem