Operatorlaryň maglumat merkeziniň geçiren barlag-gözleg işleri Russiýada gurluşyk ýüklerini demir ýolda daşamagyň derejesiniň soňky bäş ýylyň dowamyndaky iň ýaramaz dinamikany görkezýändigini tassyklady. Ýanwaryň başyndan 15-nji maýa çenli aralygynda gündelik ortaça ýüklemegiň derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7% pesdi.
Esasy pese gaçmak maý aýynyň başynda ezilen daşyň daşalmagynda bellige alnyp, ol aprel aýyna garanyňda has ýaramaz görkezijidir. Munuň özi, esasan hem, iri infrastruktura taslamalary üçin gurluşygyň işjeňliginiň azalandygyny görkezýär.
Aprel aýynda ezilen daşyň ortaça gündelik ýüklenişi 228 müň, maý aýynda 221 müň tonna boldy. Bu bolsa bir ýyl ozalky aýlara garanyňda, 13% we 15% az.
Awtoulag ýollarynyň gurluşygyny görkezýän ýük daşamak geografiýasy üýtgedi. Şeýlelikde, aprel aýynda Tatarystanyň ugry boýunça ýük daşamak geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30%, maý aýynda 18% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, Moskwa we Moskwa oblastyna gatnaw aprel aýynda 40% we 24%, maý aýynda bolsa 21% hem-de 26% azaldy.