Russiýada awtoulaglaryň parallel importy azalýar
30 Maý
Russiýada awtoulaglaryň parallel importy azalýar

Paralel import boýunça awtoulaglaryň Russiýa getirilmegi bes edildi diýen ýaly. «Известия» gazetiniň awtoulag satmak we satyn almak boýunça hereket edýän «Avto.ru» platformasynyň wekilleriniň maglumatlaryna salgylanyp berýän habarynda teklipleriň 10 müňe golaýynyň saklanandygy aýdylýar.

– Paralel import arkaly getirilýän awtoulaglaryň sanynyň ösüşi dolulygyna saklandy – diýip, «Авто.ру Бизнес» kompaniýasynyň ösüş boýunça direktory Daniil Şkurygin belleýär.

«BorisHof» resmi wekillik merkeziniň marketing we PR bölüminiň başlygy Arkadiý Grigorýewiň sözlerine görä, 2024-nji ýylyň aprelinde paralel importyň üsti bilen getirilýän täze awtoulaglaryň üpjünçiligi iki esse azaldy.

Paralel import bilen getirilýän awtoulaglaryň azalmagynyň ilkinji alamatlary resmi wekilleriň ammarlarynyň dolmagy we toplanan galyndylaryň satylmagy bilen baglanyşykly ýazgylaryň ýanwar-fewral aýlarynda başlanmagy bilen bagly boldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem