Hereket ätiýaçlygy 2100 km bolan döwrebap awtoulag tanyşdyryldy
30 Maý
Hereket ätiýaçlygy 2100 km bolan döwrebap awtoulag tanyşdyryldy

«BYD» kompaniýasy «DM» tehnologiýasynyň bäşinji nesliniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi we oňa esaslanan ilkinji awtoulaglaryny hödürledi: «Qin L DM» we «Seal 06 DM». Biziň şu ýazgymyz bolsa «BYD Qin L» ulagynyň mümkinçiliklerine bagyşlanýar. Ikinji awtoulagyň mümkinçilikleri bilen şu salgy boýunça tanşyp bilersiňiz.

«BYD Qin L DM» awtoulagynyň elektrik hereket ätiýaçlygy — 80 ýa-da 120 km. Onuň jemi bäş modeli teklip edilýär. Bahasy bolsa 13800 dollardan 19300 dollara çenli. Awtoulag 4830 x 1900 x 1495 mm ölçegdäki gabara eýe boldy, onuň tigir binýady — 2790 mm.

Täze «BYD Qin L DM» diagonaly 12,8 ýa-da 15,6 dýuým bolan hem-de iň az fiziki düwmeleri bilen tapawutlanýan uly merkezi ekrany aldy, onuň sürüjiniň rulunda ýerleşdirilmegi bolsa ulagy dolandyrýanlaryň göwnünden turmak maksadyna esaslanýar. Bu ýerdäki rul «Dynasty» nusgasynyň täze neslinden. Mundan başga-da, awtoulagyň mümkinçilikleriniň üsti täze geçiriş enjamy bilen ýetirildi.

Has ýokary nusgalary elektrik bilen sazlap bolýan, şemalladylýan we gyzdyrýan oturgyçlar bilen hödürlenýär. Bu nusga uýgunlaşmak-gözegçilik gezelenç dolandyryşyny, ýoluň üzülmeýän ak zolaklaryny gözekçilikde saklap hereket edýän, tizligi çäklendirmek duýduryşyny berýän, aýnalaryň görkezmeýän nokatlaryndan seresap bolmak üçin ýörite mümkinçilik we beýleki wezipeleri goldaýan «DiPilot» akylly sürüjilik kömek ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

«BYD Qin L DM» 1,5L hereketlendirijiden we elektrik hereketlendirijisinden ybarat bolup, gibrid ulgamynyň 5-nji nesli bilen üpjün edildi. Bellenen ýangyç sarp edilişi 100 kilometre 2,9 litr. Ýangyç bölüminiň doly ýagdaýyndaky hereket ätiýaçlygy — 2100 kilometre çenli. Dwigateliň iň ýokary güýji 74 kWt. Hereketsiz wagtyndan 100 km/sag tizlige çenli tizlenmesi 7,5 sekunt wagt alýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem