Gazagystan Hytaý bilen halkara ýol ulaglary baradaky şertnamany tassyklady
01 Iýun
Gazagystan Hytaý bilen halkara ýol ulaglary baradaky şertnamany tassyklady

«Trend» tarapyndan berlen habarda Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy bolan Mejlisiň deputatlarynyň Gazagystan bilen Hytaýyň hökümetleriniň arasynda halkara ýol ulaglary baradaky şertnamany tassykladyklary aýdylýar.

Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew Hytaýyň Gazagystanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biridigini we iki ýurduň arasyndaky ýol ulaglarynyň mukdarynyň artmagyny dowam etdirýändigini aýtdy. 2023-nji ýylda ýol ulaglarynyň mukdary 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki esse artyp, 1,8 million tonna ýetdi. Daşalan ýükleriň toplumy dürli enjamlary, sarp ediş harytlaryny, ösümlik önümlerini, dokma önümlerini, gara we reňkli metallary hem-de beýleki harytlary öz içine alýar.

Täze şertnama ulagda ýük daşamagyň häzirki zaman mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, 1992-nji ýyldan bäri hereket edýän şertnamanyň ornuny tutýar. Munuň özi Gazagystanyň awtoulagda ýük daşaýjylaryna Hytaýyň esasy şäherlerine we halkara deňiz portlaryna baryp ýetmäge mümkinçilik berýän maglumat tehnologiýasyny ornaşdyrmagy we ulag işini kämilleşdirmek üçin standartlary özünde jemleýär. Mundan başga-da, Mejlis Gazagystanyň we Hytaýyň hökümetleriniň arasynda Hazaryň üstünden uzaýan halkara ulag ýoluny, şol sanda Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän konteýner otlularyny ösdürmek baradaky şertnamany tassyklady. Bu başlangyç ýurtlaryň arasyndaky ulag aragatnaşygyny gowulandyrmaga we söwda ýollaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Mundan öň, Mejlis Türki döwletleriň guramasynyň mümkinçilikleriniň çäginde halkara ýük ulaglary baradaky şertnamany tassykladylar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem