Eýranyň awtoulag ýollary ministri Ýezd-Eglid demir ýoluny açdy
01 Iýun
Eýranyň awtoulag ýollary ministri Ýezd-Eglid demir ýoluny açdy

Eýranyň awtoulag ýollary we şäheriň ösüşi ministri Mehrdad Bazrpaş ýekşenbe güni resmi Ýezd welaýatyna eden saparynyň barşynda möhüm Ýezd-Eglid demir ýol taslamasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Eýranda Demirgazyk — Gündogar — Günorta — Günbatar we Günorta — Gündogar-Günorta — Günbatar demir ýol geçelgelerini birleşdirýän ugur hasaplanýan Ýezd-Eglid demir ýolunyň uzynlygy 270 kilometre barabar bolup, onda 12 stansiýa bilen 49 km stansiýa çyzgydy bar. Bu uzyn taslamadan 245 km aralykda Ýezd welaýaty we 25 km uzaklykda bolsa Pars welaýaty ýerleşýär.

Bu taslama Eýranyň günorta-günbatar welaýatlaryna demir ýol aralygyny 310 kilometre çenli azaltmak arkaly Hormozgan, Kerman, Sistan we Belujystan, Günorta Horasan hem-de Rezawi-Horasan welaýatlaryna girmäge mümkinçilik berýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem