Russiýada ilkinji akylly traktor robot peýda boldy
03 Iýun
Russiýada ilkinji akylly traktor robot peýda boldy

Tomsk şäherine degişli bolan «Cognitive Pilot» kompaniýasy «Золотая Нива 2024» sergisinde düýbünden sürüjisiz robot traktoryny hödürledi. Robot tozan sorujy ýaly işleýär. Emma robot tozan ýygnamagyň ýerine ýeriň taplanmagyna ähmiýet berýär.

Robot adam dolandyrmazdan, gije-gündiziň dowamynda işlemäge ukyplydyr. Enjam öz-özüne energiýa berýär we ornaşdyrylan batareýalary arkaly hereket edýär. Mini-traktor topragy sürmäge, tohum ekmäge, ösümliklere sepmäge we ekinleriň ýagdaýyny seljermäge ukyply. Işläp düzüjileriň aýdyşy ýaly, siz oňa islendik enjamy diýen ýaly birikdirip bilersiňiz.

Mini-traktorlaryň işine ýörite mobil programma arkaly gözegçilik etmek bolar. Robot edýän işini özi hem bahalandyrmaga ukyply bolup, onda datçikler toplumy oturdylandyr. Meselem, topragyň fiziki we himiki ölçeglerine gözegçilik edýän bölüm dökünleriň ulanylmaly ýerlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

«Traktor agyr fiziki zähmetiň ornuny tutar we ulag sürüjileriniň ýetmezçiligini aradan aýrar» — diýip, «Cognitive Pilot» belleýär.

Taslamanyň awtorlary sürüjisiz tratoryň Tomskdaky zawodda öndürilendigini habar berdiler. Onuň köpçülikleýin önümçiligini 2025-nji ýylda ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem