«Türkmenhowaýollary» haj zyýaraty üçin Saud Arabystanyna ýörite gatnawlaryň onusyny amala aşyrar
03 Iýun
«Türkmenhowaýollary» haj zyýaraty üçin Saud Arabystanyna ýörite gatnawlaryň onusyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, haj parzyny berjaý etmekleri üçin ildeşlerimiziň köp sanlysyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň haj möwsüminde 2890 zyýaratçynyň haj parzyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystan Patyşalygyna äkidip-getirmek boýunça ýörite gatnawlaryň onusynyň ýola goýulandygyny habar berdi.

Şeýlelikde, şu ýylyň haj möwsüminde «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralýan ýörite gatnawlar 2024-nji ýylyň 1-nji iýuny — 9-njy iýuly aralygynda ýerine ýetiriler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine öz serişdeleriniň hasabyna 289 ildeşlerimizden ybarat bolan topary Saud Arabystany Patyşalygyna äkitmek we yzyna getirmek boýunça ýörite gatnawlary guramak tabşyryldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem