Gazagystan benzin hereketlendirijilerinden ýüz öwrüp biler
04 Iýun
Gazagystan benzin hereketlendirijilerinden ýüz öwrüp biler

«Inbusiness.kz» habarlar gullugynyň habarynda 2021-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň ösüşini höweslendirmek üçin elektrik ulaglarynyň gaýtadan işlenmekden aýrylandylandygy aýdylýar.

Geçen ýyldan bäri hökümet «KazAwtoŽol» milli kompaniýasy üçin on ýyllyk ösüş meýilnamasyny tassyklady, şoňa laýyklykda zyňyndylary azaltmak we ekologiýa taýdan bitarap ulagy höweslendirmek maksady bilen, elektrik ulagyna energiýa beriş stansiýalarynyň ulgamy işlenip düzüler. Munuň özi döwlet býujetinden maliýeleşdiriler.

Has takygy, elektrik ulaglary üçin energiýa beriş stansiýalarynyň ulgamyny ösdürmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde awtobus ýollaryna girmek hem-de mugt awtoulag duralgasynyň üpjünçiligi bilen bagly mümkinçilik hem göz öňünde tutulýar.

«Ekologiýa taýdan arassa» ulag görnüşine geçmegiň global tendensiýasynyň elektrik ulaglaryny döretmek üçin zerur bolan köp serişdäni eksport edýän Gazagystan üçin peýdaly boljakdygyny inkär edip bolmaz.

Ýene 15 ýyldan ýurt benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglardan düýbünden ýüz öwürmeli bolar. Şonuň üçin hem, döwlet muňa taýýarlanýar. Häzirki wagtda deputatlar ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň meşhurlygyna hem-de bu infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen birnäçe kanun taslamasyna başladylar. Kanuna üýtgetmeler girizmek bukjasy ýurduň majilisi tarapyndan tassyklandy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem