«Mercedes» 2025-nji ýylyň «C-Class» we «GLC» nusgalaryny tanyşdyrdy
05 Iýun
«Mercedes» 2025-nji ýylyň «C-Class» we «GLC» nusgalaryny tanyşdyrdy

«Mersedes» kämil programmalaryny we wideo toplumyny goldaýan maglumat ulgamy bilen enjamlaşdyrylan meşhur «C-Class» we «GLC» modelleriniň nobatdaky nusgalaryny hödürledi.

Mundan başga-da, modeller täzelenen reňk palitrasyny we derisiz içki nusgasyny aldy.

Ulaglar iň soňky nesil MBUX maglumat hem dynç alyş güýmenjeleriniň ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol 5G birikmesini hem-de goşmaça programmalary goldaýar. Olary «Mercedes Me Store» internet dükanyndan ýükläp bilersiňiz. Bu ýerde oýunlardan başlap, wideo hem aýdym-saz akymlary üçin programmalary alyp bolar.

Bu täze aýratynlyklardan başga-da, maglumat-güýmenje ulgamynyň optimal interfeýsi bar. Jikme-jiklikler örän seýrek, ýöne «Mersedes» ulgamy «rahat ýagdaýda peýdalanmak mümkinçiliginiň we aňsat hem içgin işlemek üçin smartfona meňzeş wezipeleriň bardygyny» aýtdy.

Maglumat hem güýmenje ulgamy käbir amatly wezipeleri awtomatlaşdyrmak üçin emeli aň tehnologiýasyna daýanýar. Mysal üçin, müşderiler daşarda howanyň temperaturasynyň belli bir derejeden aşak düşmegi bilen, gyzdyrýan oturgyçlary awtomatiki açýan «Sowuk gün» programmasyny düzüp bilerler.

Ulaglar indi derisiz rul örtügi bilen enjamlaşdyrylyp bilner. Bu onuň düýbünden täze bir nusga bolup, awtoulaglaryň derisiz görnüşde elýeterli boljakdygyny aňladýar. «GLC» indi «Verde Silver Metallic» reňkini hödürleýär. Iki model hem täze «Manufaktur Alpine Grey Uni» reňkini alar.

Soňky täzelik: «GLC» we «GLC Coupe» indi sanly açar tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylyp bilner. Bu eýelerine öz smartfonlaryny ulanyp, ulagy gulplamaga, açmaga we ony işe girizmäge mümkinçilik berýär. Açarlary 16 adama çenli ulanyp bolýar.

Täzelenen «GLC» we «C-Class» ulaglaryny Germaniýada sargyt edip bolar, Sedan bahasy 47730,90 ýewrodan, krossoweriňki bolsa 59809,40 ýewrodan başlanýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem