Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «C», «D» hem-de «E» derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjileri işe çagyrýar
05 Iýun
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «C», «D» hem-de «E» derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjileri işe çagyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň özi halkymyza ygtybarly ulag hyzmatlaryny hödürlemekde diýseň möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle ähmiýetli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy umumy agramy 20 tonnalyk ýükleri daşamak üçin niýetlenen ulaglary dolandyrmaga «C» hem-de «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjileri işe çagyrýar.

Karhana «Kamaz-5490» kysymly ulaglar üçin «E» sürüjilik derejesi bolan sürüjileriň hem gerekdigini ýatladýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 76-02-56.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem