Oleg Kononenko — 1000 gününi kosmosda geçiren ilkinji ynsan
06 Iýun
Oleg Kononenko — 1000 gününi kosmosda geçiren ilkinji ynsan

«Roskosmosyň» habaryna görä, 5-nji iýunda russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko umumy 1000 gününi kosmosda geçiren ilkinji ynsan boldy.

«Şu gün Moskwa wagty bilen sagat 00: 20-de dünýäde ilkinji gezek Halkara kosmos stansiýasynda işleýän «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawty Oleg Kononenkonyň kosmos uçuşlarynyň umumy dowamlylygy 1000 güne ýetdi» — diýlip, habarda bellenilýär.

2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri ol bäşinji kosmos uçuşyny amala aşyrýar. «Roskosmos» 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda meýilleşdirilýän HKS-a ýyllyk uçuş tamamlanandan soň, kosmonawtyň umumy uçuş wagtynyň 1110 gün bolmagyna garaşylýar.

Kononenko fewral aýynda umumy orbitada bolan wagty boýunça rekordy täzeledi. Şol wagt ol kosmosda jemi 878 gün geçiripdi. Bu bolsa beýleki bir rus kosmonawty Gennadi Padalkanyň netijesinden ýokarydyr.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde dünýä indi. 1988-nji ýylda uçarlaryň dwigateli hünäriniň inžener-mehanik derejesi boýunça Žukowskiý adyndaky Harkow awiasiýa institutyny tamamlaýar. Ilkinji gezek 2008-nji ýylda kosmos uçuşyna giden Kononenko dünýädäki 473-nji kosmonawt hasaplanýar.

Şeýle hem, Oleg Kononenko — Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Gahrymany.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem