Aşgabatda «TESC 2024» halkara ylmy maslahaty geçirilýär
06 Iýun
Aşgabatda «TESC 2024» halkara ylmy maslahaty geçirilýär

Aşgabatda «Energiýanyň geljegi, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek üçin täze tehnologiýalar» (TESC 2024) atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady. Bu çärqniň Türkmenistanyň milli energiýa kompaniýalary bilen bilelikde geçirilýändigini «THP» habar berýär.

Maslahatda uglewodorodyň işlenip çykarylyşynda we energiýa geçirmekde daşky gurşawyň zyňyndylaryny azaltmak meselesini ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu maslahatyň maksady ýurdumyzyň hökümet edaralary bilen iň uly energiýa kompaniýalary, halkara guramalary, akademiki jemgyýetler we daşky gurşawy goramak hem ýaşyl geljege gönükdirilen maliýe guramalarynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybarat.

Türkmenistan daşky gurşaw meselelerine we nebit hem gaz ýataklaryny özleşdirmek döwründe metanyň we oňa bagly gazyň zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berýär.

Maslahata Türkmenistan hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, milli we halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, energiýa guramalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary, şeýle hem iri halkara institutlar we gözleg merkezleri gatnaşýar.

Maslahatda ara alyp maslahatlaşylýan esasy temalar:

• Uglewodorod ýatagyny özleşdirmegiň geljegi, täze tehnologiýalar we daşky gurşaw taraplary;

• Täze tehnologiýalar we energiýa geçirilişi: geljege garamak;

• Uglewodorod öndürmek we monetizasiýa wagtynda metanyň hem kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak;

• Arassa energiýany ösdürmek üçin täze daşky gurşawy maliýeleşdirmek mümkinçilikleri we başlangyçlary.

Halkara maslahata gatnaşyjylaryň sanawyna «CNPC», «BP», «Exxon Mobil», «Petronas», «ADNOC», «Mitro International», «Buried Hill», «NAPECO», «Dragon Oil», «ENI», «Лукойл» we beýleki köp sanly halkara nebit hem gaz guramalary, galyberse-de meşhur kompaniýalaryň wekilleri girýär.

Iki gün dowam etjek maslahatyň çäginde içerki ýangyç we energiýa toplumynyň gurluş bölümleriniň ýolbaşçylary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn ýygnaklar geçiriler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem