Haçan gibrid ulaglary adaty ýangyç ýakýan nusgalardan arzan bolar: «Toyota Highlander 2024» tanyşdyryldy
08 Iýun
Haçan gibrid ulaglary adaty ýangyç ýakýan nusgalardan arzan bolar: «Toyota Highlander 2024» tanyşdyryldy

«GAC ​​Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda täzelenen «Highlander» krossowerini hödürledi. 2024-nji ýyl üçin taýýarlanan modeliň daşky görnüşi üýtgemedi. Muňa garamazdan, täze bezeg aýratynlyklaryny, has uly ekranlary (ikisi hem 12,3 dýuým diagonally) we 12 GB RAM bilen «SoC Snapdragon 8155» esasly üýtgedilen media ulgamyny aldy.

«Highlander 2024» gibrid güýç gurluşy we adaty 2.0 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen hödürlenýär. Gibridiň bahasy 34,5 müňden 45 müň amerikan dollaryna çenli bolup, onuň 8 nusgasy bar. Benzin görnüşleriniň bahasy — 39,4 müňden 43,1 müň amerikan dollaryna çenli (eýýäm onuň üç sany bezeg derejesi bar). Gibrid esasy nusgalarynyň ähli tigirleri işleýän görnüşiniň ýoklugy, benzin awtoulaglarynda bolsa tigirleriniň hemmesiniň doly hereketlenýändigi sebäpli, amatly baha bellige alyndy.

«Highlander 2024» ulagynyň gabara ölçegleri — 4965 x 1930 x 1750 mm, tigir binýady — 2850 mm. Benzin hereketlendirijisiniň kuwwaty — 247 at güýji. Ol 8 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen utgaşdyrylýar. Gibrid güýç gurluşy — 2,5 litrlik hereketlendiriji, kuwwaty — 246 at güýji, geçirişi elektromehaniki e-CVT wariatory esasynda alnyp barylýar

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem