Halkara ulag geçelgesi boýunça daşalan ýüküň möçberi 1,5 esse artdy
08 Iýun
Halkara ulag geçelgesi boýunça daşalan ýüküň möçberi 1,5 esse artdy

Halkara ulag geçelgelerindäki gatnawyň möçberi 2030-njy ýyla çenli 1,5 esse artar. Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, muny 4-nji iýunda ulag ministri Roman Starowoýt Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Ykdysady syýasat komitetiniň milli ösüş maksatlaryna ýetmekde ulagyň ähmiýeti baradaky mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Bu görkeziji beýlekiler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür we geljek üçin prezident Wladimir Putin tarapyndan şu ýylyň 7-nji maýynda gol çekilen 2036-njy ýyla çenli milli ösüş maksatlary baradaky Kararda kesgitlenen «Durnukly we dinamiki ykdysadyýet» milli maksatlaryna girýär.

«Şol bir wagtyň özünde bolsa ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň dünýäniň derejesinden ýokary bolmagyny gazanmak, esasy maýa goýumlaryň mukdaryny ýokarlandyrmak, 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny döretmek hem-de ýokarlandyrmak ýaly görkezijilere ýetmek çig mal we energiýa däl harytlaryň eksportynyň mukdary, şeýle hem daşary ykdysady işjeňlik üçin zerur infrastrukturany emele getirmek ulag ulgamynyň ösüşine baglydyr» — diýip, R.Starowit belledi.

Şeýle hem ministr senatorlara demir ýol magistral ulgamyny ösdürmek baradaky federal taslamasy barada jikme-jik gürledi. Hususan-da, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesinde we Gündogar, Demirgazyk-Günbatar, Azow-Gara deňiz ugurlarynda magistral ugurlary ösdürmek meýilleşdirilýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi