
Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habarynda Hytaýyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleriniň üç ýurduň çäklerini birleşdirjek demir ýoly gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada hökümetara şertnama gol çekendikleri aýdylýar. Aslynda, munuň özi degişli işleri ýerine ýetirmek üçin resmi başlangyç hasap edilip bilner. Şeýle-de bolsa, olary durmuşa geçirmegiň wagty heniz kesgitlenmedi. Umuman aýdanyňda, demir ýol diňe bir Hytaýyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň arasyndaky aragatnaşygy üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, Pars aýlagynyň ýurtlary we Ýewropa üçin alternatiw ýollary açar.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýoly Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» başlangyjynyň möhüm bölegine öwrüler we harytlary Hytaýdan Ýewropa çenli ýetirjek ulag geçelgeleriniň bir bölegi bolar.
Şol bir wagtyň özünde bolsa bu üç ýurduň arasyndaky gönüden-göni «söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga hemmetaraplaýyn oňyn täsir eder».