«Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň Hazaryň üsti bilen uzaýan bölümi TEU-laryny ýitirýär
10 Iýun
«Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň Hazaryň üsti bilen uzaýan bölümi TEU-laryny ýitirýär

Hindistandan, BAE-den, şeýle hem Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň beýleki ýurtlaryndan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Hazar şahasy boýunça harytlary eltip bermek işine isleg azalýar. Munuň özi «РусИранЭкспо» kompaniýalar toparynyň «GLT», «Prime Shipping Agency» we «GTL» bilen bilelikde taýýarlan Birinji Ekspedision kompaniýasynyň synyndan görünýär.

Birinji Ekspedision kompaniýasynyň Aziýanyň ugurlary boýunça direktory Gennadi Çiçin munuň esasy sebäplerinden biri hökmünde Hazar basseýninde konteýner gämileriniň ýiti ýetmezçiligini görkezýär. «РусИранЭкспо» kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Şarow häzirki wagtda bu ugurda 220 töweregi gäminiň işleýändigini, olaryň ortaça 30 ýyl bäri ulanylyp gelinýändigini tassyklady. Olaryň köpüsiniň magdan, kömür, däne, nebit, suwuklandyrylan gaz we azyk önümleri ýaly ýükleri daşamak üçin niýetlenendigini «GLT-niň» hyzmatdaşlary we üpjün edijileri bilen gatnaşyklar bölüminiň müdiri Alekseý Dolmatow aýtdy. «РусИранЭкспо» tarapyndan öňe sürülen hasaplamalaryna görä, ýük gatnawyny özüne çekmek üçin bu ugruň kuwwatyny iki esse artdyrmak möhümdir — 480 gämä çenli.

Mundan başga-da, Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň Hazaryň üsti bilen uzaýan bölüminde heniz hem deňiz hyzmatlarynyň we durnukly meýilnamanyň ýokdugyny Alekseý Dolmatow düşündirdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem