Türkmenistan Duşenbe şäherinde geçiriljek «Suw we howanyň üýtgemegi» atly foruma gatnaşar
10 Iýun
Türkmenistan Duşenbe şäherinde geçiriljek «Suw we howanyň üýtgemegi» atly foruma gatnaşar

10-njy iýunda Duşenbede Merkezi Aziýanyň ýokary derejeli «Suw we howanyň üýtgemegi» forumy geçiriler. Forum Ýewropa Bileleşigi we Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guralýar. Bu barada «Uzdaily» ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň esasy hökümet wekillerini, ösüş hyzmatdaşlaryny we beýleki gyzyklanýan taraplary bir ýere jemlär.

Forum Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMGÖM tarapyndan durmuşa geçirilýän «Howanyň üýtgemegi we Merkezi Aziýada durnuklylyk» taslamasy boýunça bilelikdäki işiň çäginde geçiriler. Bu taslama Pariž şertnamasyna we 2015 — 2030-njy ýyllardaky Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin Sendaý Çarçuwasyna laýyklykda daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini dolandyrmak boýunça milli ileri tutulýan ugurlara goşant goşýar.

Forumyň netijeleri Duşanbe şäherindäki «Durnukly ösüş üçin suw» atly onýyllyk konferensiýanyň jemleýji mejlisinde hödürlener.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem