«Russiýanyň demir ýollary» dolulygyna sürüjisiz otlynyň — «Finistowyň» işe giriziljek senesini tassyklady
13 Iýun
«Russiýanyň demir ýollary» dolulygyna sürüjisiz otlynyň — «Finistowyň» işe giriziljek senesini tassyklady

«Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2026-njy ýyla çenli içerki ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan sürüjisiz otlyny işe girizmegi meýilleşdirýändigini monopoliýanyň ýolbaşçysy Oleg Belozerowyň beren gürrüňlerine salgylanýan «TASS» habar berýär.

– Biz emeli görüşi hem-de emeli aňy eýýäm hereketi awtomatlaşdyrmagyň üçünji derejesini özleşdirmegiň çäginde ulanýarys. Dördünji dereje — otlynyň özbaşdak durup, päsgelçiligiň ýok edilendigine düşünip, soň hereket edip başlamagy. Ine, biziň 2026-njy ýyla çenli meýilleşdirýän zadymyz — diýip, Oleg Belozerow belledi.

Möhletiň üýtgemegi «Lastoçkanyň» içerki «Финист» otlusy bilen importy çalyşmak boýunça işi bilen baglanyşyklydy. Şol sebäpden hem, Oleg Belozerow indi ähli ulgamlaryň import ediljekdigini we içerki enjamlarda işlejekdigini tassyklady.

Sürüjisiz otlylaryň kömegi bilen hereketiň ýygylygy azyndan bir minut azaldylyp bilner: häzir otlylaryň ýygylygy üç-dört minut aralygynda — diýip, «Russiýanyň demir ýollarynyň» başlygy nygtady.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem