Merkezi Aziýada, Zakawkazda we Belarusda ammarlaryň tutýan meýdany 44% artdy
13 Iýun
Merkezi Aziýada, Zakawkazda we Belarusda ammarlaryň tutýan meýdany 44% artdy

2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça Merkezi Aziýada, Zakawkazda we Belarusda ammar giňişliginiň umumy tutýan meýdany 4,1 million inedördül metre ýetdi. «NF Group» kompaniýasynyň seljerijileri hasaplamalary munuň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 44% köpdügini aýan etdi.

Bu ýurtlarda boş ýerleriň paýy 2 %-den geçmeýär. Munuň kärende tölegleriniň ýokarlanmagyna itergi berýändigini bellemek gerek. 2023-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, Özbegistanda (0%) we Azerbaýjanda (1,2%) boş ýer ep-esli azaldy. Gazagystanda we Ermenistanda boş ýerleriň paýy birneme ýokarlandy (degişlilikde 1,6% we 1,1%).

Daşkent kärende tölegleriniň ösüşi boýunça öňdebaryjy boldy. Şol ýerde A derejeli ammarlaryndaky görkeziji 2023-nji ýylyň üçünji çärýegine garanyňda 26% ýokarlandy.

Rus kompaniýalary GDA agza ýurtlaryň, esasan hem, Gazagystanyň bazarlarynda işjeňligini giňeltmegi dowam etdirýärler. «NF Group» rus onlaýn satyjylarynyň zerurlyklary üçin ammar toplumlarynyň gurluşygynyň dowam edýändigini habar berýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem