«Volvo» kompaniýasy «FH16» ulagynyň täze görnüşini yglan etdi. Şeýlelikde, Şwesiýanyň awtoulag öndürijisi Ýewropada iň güýçli ýük awtoulagy bolmagynda galýar. Muňa garamazdan, önüm diýseň tygşytly we 100% täzelenip bilýän ýangyçda işlemek mümkinçiligine eýedir. Bu barada «Volvo Trucksyň» metbugat gullugy tarapyndan çap edilen maglumata salgylanýan «Логист.Today» habar berýär.
«Volvo Trucks» tarapyndan hödürlenen beýanatda ýol synagynyň täze «FH16» hereketlendirijisiniň 5 %-e çenli, ýagny has gowy ýangyç tygşytlylygyny we öwrüm pursadynyň 7% ýokarlanmagy bilen zyňyndylaryň pes derejesini üpjün edýändigi tassyklanylýar. Bu mümkinçilik iň agyr ulag meselelerinde netijeliligi we öndürijiligi ýokarlandyrýar.
«Ajaýyp «Volvo FH16» awtoulagynda täze döredilen «Volvo D17» hereketlendirijisi ajaýyp öndürijiligi we çydamlylygy üpjün etmek boýunça iň çylşyrymly ulag maksatnamalary üçin döredildi. 17 litrlik 780 at güýji bolan «Volvo FH16» hereketlendirijisi öňki enjam bilen deňeşdireniňde, täze awtoulag ýangyç sarp edişini we kömürturşy gazynyň çykarylyşyny 5% azaltmak bilen, öwrüm mümkinçiligini 7% artdyrýar» — diýlip, «Volvo Trucks» tarapyndan berlen habarda tassyklanylýar.