Russiýanyň deňiz portlarynyň ýük dolanyşygy bäş aýyň dowamynda 3,4% azaldy
15 Iýun
Russiýanyň deňiz portlarynyň ýük dolanyşygy bäş aýyň dowamynda 3,4% azaldy

Deňiz söwda portlary assosiasiýasynyň (ASOP) metbugat beýanatyna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Russiýanyň deňiz portlarynyň ýük dolanyşygy 373 million tonna bolup, munuň özi bir ýyl ozalkydan 3,4% pesdir.

«2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Russiýanyň deňiz portlarynyň ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,4% azaldy we 373 million tonnalyk görkezijä eýe boldy» — diýlip, şol beýanda aýdylýar.

Arktika basseýniniň deňiz portlarynyň ýük dolanyşygy 4,4% azaldy — 39,3 million tonna boldy. Baltikanyňky bolsa 0,7% ösüp, 117,1 million tonna ýetdi. Azow-Gara deňiz sebitiniňki 8,2% azaldy we 116,8 million tonnalyk netijede saklandy, Hazar deňzi boýunça 34,7% ýokarlandy hem-de 3,8 million tonna çenli artdy. Uzak Gündogar basseýniniň deňiz portlarynyň ýük dolanyşygy 96 million tonna (-3%) boldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem