«Toyota Corolla Cross» täzelenen krossoweri hödürlendi
15 Iýun
«Toyota Corolla Cross» täzelenen krossoweri hödürlendi

«FAW Toyota» bilelikdäki kärhanasy täzelenen «Toyota Corolla Cross» krossowerini Hytaýda hödürledi. Awtoulag sekiz bezeg derejesinde hödürlenýär: dördüsi adaty 2,0 litrlik benzinli hereketlendiriji, dördüsi 2,0 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid elektrik kuwwaty bilen. Benzin nusgasynyň bahasy 17,7 müňden 23,15 müň dollara çenli, gibridiňki bolsa 19 — 25,2 müň dollar aralygyndadyr. Ilkinji müşderiler üçin 2,6 müň dollarlyk ýeňillikler we bonuslar hödürlenýär.

Awtoulag täzelenmesi diňe onuň bezeg materiallaryna degişlidir (olar kämilleşdirildi, ýumşak materiallar has köp ulanyldy) we media ulgamy «Qualcomm Snapdragon 8155» bir çipli platforma geçdi. Şeýle media ulgamynyň diňe ýokarky nusgalaryň enjamlarydygyny bellemek gerek. Şol bir wagtyň özünde bolsa ähli nusgalar dürli derejeli 2+ kömek ulgamlaryny aldy.

Krossoweriň ölçegleri — 4460 x 1825 x 1620 mm, tigir binýady — 2640 mm. «Elite» atly orta dereje 10,25 dýuýmlyk ekran we açarsyz media ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulagyň has gymmat nusgalarynda ähli taraplaryň ölçeglerini üpjün edýän kameralar bar (binýatlyk nusgalarda yzky kamera ýa-da yzky päsgelçilikleri duýdurýan datçikler ýok).

2,0 litrlik atmosfera hereketlendirijiniň kuwwaty 171 at güýjüne barabar, ol 10 geçirijili wariator bilen utgaşdyryldy. Gibrid ulgamyň kuwwaty — 196 at güýji, onuň elektrik mümkinçiligi e-CVT wariatoryny öz içine alýar, WLTC usuly bilen ölçenen ortaça sarp ediş — 4,56 l/100 km.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem