Fransiýa: A10 we A85 awtoulag ýollarynyň çatrygyndaky ýük awtoulaglarynyň duralgasy döwrebaplaşdyrylýar
15 Iýun
Fransiýa: A10 we A85 awtoulag ýollarynyň çatrygyndaky ýük awtoulaglarynyň duralgasy döwrebaplaşdyrylýar

Tur (Fransiýa) şäheriniň golaýyndaky A10 we A85 awtoulag ýollarynyň kesişýän ýerindäki ýük awtoulaglarynyň duralgasy döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Bu barada «40ton» hem-de «comcomtvi.fr» portallarynyň maglumatlaryna salgylanýan «Логист.Today» habar berýär.

Awtoulag duralgasy 2021-nji ýylda «Center Routier Isoparc» ady bilen guruldy. Dynç alyş meýdançasy dolulygyna elektrik panelleri bilen örtülip, 146 awtoulagy goýmak üçin orunlary üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, bu maýa goýum indi «TIP Secure Truck Parking Isoparc Sorigny» diýen adyny üýtgeden «TIP Group» kompaniýasyna geçirildi.

Alnyp barylýan işleriň bir bölegi hökmünde eýýäm «TIP Group» kompaniýasynyň awtoulag duralgalarynyň sanyny 146-dan 179-a çenli artdyrýandygy, gözegçilik ulgamyny giňeldýändigi, çäkleriň berkitmesini gowulandyrýandygy we howpsuzlyk gullugynyň peýda bolýandygy mälim edildi. Mundan başga-da, hajathana, duş, kir ýuwulýan jaý, sport zaly hem-de jemgyýetçilik otagy ýaly sürüjiler üçin degişli amatlyklary bolan düýbünden täze binany gurmak meýilnamasy durmuşa geçirilýär. Bularyň hemmesi 2025-nji ýylyň martyna çenli gurulmalydyr, häzirlikçe bolsa awtoulag duralgasy dolulygyna açyk bolmagynda galar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem