Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň täze gadamlary
15 Iýun
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň täze gadamlary

«Türkmendemirýollary» agentliginiň we «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Demirýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmat merkezlerini döretmek, hünärmenleri taýýarlamak we geljegi uly pudak taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny taýýarlamak bilen baglanyşykly köp sanly meselä seretdiler.

Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň demir ýol bölümleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu resminama «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow we «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Lýu Çenfang gol çekdi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulag aragatnaşygyny ösdürmekde täze ädimleri kepillendirýän resminama möhüm ähmiýete eýe bolup, özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan Hytaýyň kompaniýalary bilen paýnama birliklerini satyn almak, maýa goýum demirýol taslamalary, şeýle hem konteýnerde ýük daşamagy artdyrmak we iki ýurduň milli logistika operatorlarynyň işini ýakyndan utgaşdyrmak maksady bilen, gepleşikler geçirmek mümkinçiligine garamaga taýýardyr.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň we «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekilleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň çäginde duşuşypdylar. Häzirki gepleşikler ulag diplomatiýasyny öňe sürýän Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şu ugrundaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän bilelikdäki meýilnamalarynyň işlenip düzülmeginiň ösüşini aňladýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem