Türkmenistan — Hindistan Respublikasy: deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
15 Iýun
Türkmenistan — Hindistan Respublikasy: deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda agentligiň ýolbaşçylarynyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, şeýle hem, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýükleri üstaşyr geçirmekde Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesinde möhüm orny eýeleýändigi bellenildi.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri hindi tarapyna porty dolandyrmakda tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdiler.

Hindistanyň ilçisi hindi kompaniýalarynyň 30-dan gowragynyň Türkmenistana gelip görmegi we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak isleýändiklerini belläp geçdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigi boýunça ylalaşdylar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem