
Şu günler ýurdumyzda Gurban baýramy bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny bu ajaýyp baýram bilen gutlady. Onda şeýle sözler beýan edilýär:
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de ruhy päkligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan bu baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösýän eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bereket getirsin,
bagtyýar durmuşymyza bolan guwanç duýgularymyzy has-da rowaçlandyrsyn!
Türkmen halky müňýyllyklardan bäri tämiz we aýdyň ýörelgelere eýerip gelýän, dünýä, ýaşaýyş, ynsan, dostluk, parahatlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, döwletlilik baradaky garaýyşlaryny, ynançdyr adatlaryny, däp-dessurlaryny kämil derejä ýetiren halklaryň biridir. Ynsanyýetiň iň gözel we iň ajaýyp häsiýetlerini özünde jemlän merdana pederlerimiziň adamkärçilik,
açykgöwünlilik, birek-birege hormat-sarpa goýmak ýaly ýörelgeleriň kämilleşmeginde, aýratyn hem, Gurban baýramynyň ruhy-ahlak taýdan bitewülige we tämizlige, belent ynsanperwerlige çagyrýan mukaddes baýramlaryň birine öwrülmeginde uly hyzmatlary bardyr. Garaşsyz ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň gün-günden beýgelýän, şan-şöhratynyň has-da artýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddes baýram ýokary jebislikde we agzybirlikde garşy alynýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem gurbanlyk döwlet derejesinde üç günüň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baýramçylyk meýdançalarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda baý öwüşgindäki aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilip bellenýär. Her maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary hödürlenip, Garaşsyz Watanymyzyň
abadançyiygynyň, külli adamzadyň bagtyýar hem-de parahat durmuşynyň hatyrasyna alkyş-dogalar okalýar.
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, biz ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdynlygy we ruhy kämilligi ugrunda yzygiderli alada edýäris. Jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine laýyklykda kämilleşmegine hem-de halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ösmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat
etmekleri, parz ýörelgeleri berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyňt doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenýän ýylynda hem Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň wekillerinden ybarat uly topary haj parzlaryny berjaý etmek üçin zyýarata iberdik.
Eziz watandaşlar!
Biziň özboluşly, gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarymyz Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň döremegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýän altyn hazynalardyr. Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagymyzyň we hormatlanmagymyzyň esasydyr, bakylyk mertebämizdir. Şoňa görä-de, milli ýörelgelerimizi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizi ileri tutup,
jemgyýetimizi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda has-da
kämilleşdirýäris, il-ýurdumyza çäksiz söýgimiz, agzybirligimiz, tutanýerli zähmetimiz bilen şanly ösüşleri gazanyp, eziz Watanymyzy has-da şöhratlandyrýarys.
Kabul eden maksatnamalarymyzy, özgertmelerimizi hem-de geljegi uly taslamalarymyzy üstünlikli amala aşyryp, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň ýoly bilen ynamly öňe baryarys.
Biz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerimize, şeýle hem türkmen halkynyň beýik ogly hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň «Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz, haýsy işe maýyl bolsa adamzat» diýen pähimine eýerip, dünýä halklary we ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, Ýuwaş ummany we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrýarys. Bularyň ählisi mähriban halkymyzy, Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn
ösdürmek, Bitarap döwletimiziň dünýädäki ornuny pugtalandyrmak ugrunda geljekki täze belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.
Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Mübärek Gurban baýramy günlerinde gurbanlyk toý-sadakalaryňyz, eziz Watanymyzyň bagtyýarlygy, il-günümiziň abadançyiygy üçin eden doga-dilegleriňiz, iň gowy arzuw-umytlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!
Size berk jan saglygyny, uzak ömür, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!