Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň FIFA-nyň täzelenen reýtingindäki orny belli boldy
FIFA zenanlar ýygyndylarynyň reýting sanawyny täzeledi. Bu barada Janköýer habar berýär.
Täzelenen sanawda Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar milli ýygyndysy 139-njy orny eýeleýär.
Şeýle hem bu sanawda GDA agza döwletlerden Russiýa 27-nji, Ukraina 35-nji, Özbegistan 47-nji, Gazagystan 109-njy we Täjigistan 154-nji orny eýeleýär.
Sanawyň ilkinji 10-lugy şeýle:
1. Ispaniýa;
2. Fransiýa;
3. Angliýa;
4. Germaniýa;
5. ABŞ;
6. Şwesiýa;
7. Ýaponiýa;
8. Kanada;
9. Braziliýa;
10. KHDR.
Çeşme: «Turkmenportal»
Şeýle hem
//=YII::t('app','Similar')?>