«Toyota» kompaniýasynyň iň gowy awtoulaglarynyň onlugy yglan edildi
21 Iýun
«Toyota» kompaniýasynyň iň gowy awtoulaglarynyň onlugy yglan edildi

«Toyota» kompaniýasynyň soňky on ýylyň dowamyndaky iň ygtybarly awtoulaglarynyň reýtingi aýan edildi. Sanaw «HotCars» žurnaly tarapyndan düzüldi.

Reýtingde 2014-nji ýylyň «Toyota Camry» ulagy birinji ýeri eýeledi. Hünärmenler bu modelde kampaniýanyň yzyna ýygnamak ýa-da ulag eýeleriniň köpçülikleýin arzalarynyň bellige alynmandygyny düşündirdiler.

Ikinji orunda şol ýylyň Russiýa Federasiýasynda birnäçe wagtlap resmi taýdan satylan nusgasy — «Toyota Venza» krossoweri ýerleşdi.

Öňdäki üçlügi 2020-nji ýylyň «C-HR» subkompakt krossoweri jemleýär.

Mundan başga-da, «Toyota Corolla» (2016), «Toyota RAV4» (2018), «Toyota Avalon» (2018), «Toyota Prius» (2017), «Toyota Tacoma» (2022), «Toyota Tundra» (2021) hem-de «Toyota Sienna» (2016) ulaglary öňdäki onlugy düzdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem