Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutladylar
21 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler. Bu barada «TDH» habar berdi.

«Siziň işiňiz hormatly we jogapkärli işdir. Şol işiň netijeleri dünýäniň tehnologik ösüşine, bütin adamzadyň durmuşynyň gowulanmagyna saldamly goşant goşýar» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

«Siz ömrüňizi kosmosy öwrenmäge, älem-jahana akyl ýetirmäge we ylmy ösdürmäge bagyşladyňyz. Biz Türkmenistanda siziň uçuşyňyzy hem-de üstünlikleriňizi ruhubelentlik bilen synlaýarys. Kosmosda bolýan wagtyňyzda hem siziň Türkmenistana bolan söýgiňizi we aýratyn ünsüňizi görmek bizi begendirýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda nygtady.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, kosmonawtikada uly öňegidişlikleri gazanmak üçin täze sepgitleriň we mümkinçilikleriň açylmagyny arzuw etdiler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem